ÝÖB: Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag ulgamyna $5,3 milliard maýa goýdy

11

2025-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli Türkmenistan Ýewraziýanyň ulag ulgamynyň ösüşine goýan maýa goýumlarynyň möçberi 5,3 milliard ABŞ dollara ýetdi. Bu barada Ýewraziýa ösüş banky (ÝÖB) habar berýär.

Häzir sebitde jemi 325 taslama amala aşyrylýar, olaryň umumy bahasy 234 milliard dollardan geçýär. Bu taslamalara Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Owganystan, Belarus, Gruziýa, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Mongoliýa, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan ýaly 13 ýurt gatnaşýar.

Maýa goýumlaryň esasy bölegi ulag ulgamynyň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň hem-de söwdany we halkara ýük daşamalaryny işjeňleşdirmegiň zerurlygy bilen baglanyşyklydyr.

Merkezi Aziýada amala aşyrylýan iň iri taslamalaryň 10-sy Ýewraziýa sebitiniň ulag ulgamyna goýulan maýa goýumlarynyň 58%-ni tutýar. Olaryň arasynda Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýoly, Taşkent–Andijon awtobany, Gazagystandaky “Merkez–Günbatar” ýokary tizlikli ýoly, şeýle hem Türkmenistanyň Aşgabat–Türkmenabat we Saragt–Mary–Serhetabat awtobanlary bar.

325 taslamanyň 113-si hususy pudagyň gatnaşmagyny talap edýär, olaryň ýarysyndan gowragy logistika we ammarlama infrastrukturasyna degişli. Döwlet we hususy ulgamyň hyzmatdaşlygynda bolsa, 17 taslama amala aşyrylýar, şolaryň arasynda Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýol geçelgesi we Owganystanyň üstünden geçýän demir ýoly ýaly serhetüsti taslamalar hem bar.

Ýewraziýanyň ulag ulgamy Demirgazyk, Merkezi we Günorta Ýewraziýa, Türkmenistan-Ýewropa-Kawkaz-Aziýa (TRACEKA) we “Demirgazyk–Günorta” ýaly bäş sany geçelgelerden ybaratdyr. Bu esasy ugurlara goşmaça ýol şahamçalary we sebit ýollary hem girýär, bu bolsa ulgamy has-da baglanyşykly edýär.

Source:https://business.com.tm/

Facebook Comments Box