2025-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 118,4 million ABŞ dollaryna deň boldy, diýip Azerbaýjan Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
Bu döwürde Azerbaýjanyň Türkmenistana eksport eden harytlarynyň möçberi $19,2 million dollara ýetdi. Türkmenistandan Azerbaýjanyň importy $99,2 million barabar boldy.
Umuman, 2025-nji ýylyň ýanwar–maý aýlarynda Azerbaýjanyň daşary haryt dolanyşygy 13,7% artdy we $20,9 milliard boldy. Eksportyň möçberi $11 milliard deň bolup, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüniň görkeziji bilen deňeşdirilende 1,2% azalandygyny görkezýär. Import bolsa 36,5% artdy we $9,9 milliarda deň boldy. Netijede, ýurduň daşary söwdasynyň möçberi $1,03 milliard pese düşdi – bu bolsa 2024-nji ýyldakydan 3,7 esse azdyr.
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy giňişleýin ösüp, $400 milliona ýakynlady.
Source:https://business.com.tm/