Türkmenistanda YÖB-yň we OPEK gaznasynyň maliýeleşdirmeginde üç gämini gurmak meýilleşdirilýär

9

Yslam ösüş bankynyň (YÖB) we OPEK Halkara ösüş gaznasynyň maliýe goldawy esasynda Türkmenistanyň deňiz ulagyny ösdürmek maksady bilen üç sany gämini — “Ro-Ro” görnüşli iki sany demir ýol parom gämilerini we bir sany gury ýük gämisini gurmak meýilleşdirýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda habar berilýär.

Bu taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi üç gämini taslamalaşdyrmak, üpjün etmek we gurluşygyny dolandyrmak boýunça halkara bäsleşigi yglan etdi.

Gämiler Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän “Balkan”gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlar. Bu başlangyç Türkmenistanyň deňiz ulagyny ösdürmek, ýük daşamalarynyň işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzyň gämi gurluşyk pudagyny berkitmek maksadyny göz öňünde tutýar.

Taslama Türkmenistanyň uzak möhletli milli ösüş strategiýasynyň çäginde deňiz ulaglary pudagynyň durnukly ösüşine, iş orunlarynyň döredilmegine we ýerli hünärmenleriň goldanylmagyna ýardam eder.

Source:https://business.com.tm/

Facebook Comments Box