Türkmenistan Hazar we Aral meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegine çagyrdy

17

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň (LLDC3) mejlisinde çykyş edip, ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen Hazar ekologiýa platformasy we Aral deňzi boýunça BMG-niň maksatnamasynyň işlenip düzülmegi baradaky başlangyçlaryň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine çagyrdy. Bu barada “Business Turkmenistan” habar berýär.

Döwlet Baştutany çykyşynyň dowamynda Hazar deňziniň, şol sanda onuň suw derejesiniň pese gaçmagy bilen bagly meseleleriň global häsiýete eýe bolup barýandygyny we utgaşykly halkara tagallalaryny talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda beýan eden Hazar ekologiýa başlangyjynyň möhümdigini belläp, bu platformanyň sebitleýin daşky gurşawy goramaklygyň netijeli gurallarynyň birine öwrülmelidigini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda Aral deňziniň meseleleri boýunça Türkmenistanyň üýtgemezden goldaýan syýasy ýagdaýyny tassyklap, bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen maksatnamasynyň işlenip düzülmegine gönükdirilen işleri dowam etdirmek zerurlygyny nygtady.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda suw serişdeleriniň rejeli we adalatly ulanylmagynyň bütin dünýä üçin möhüm mesele bolup durýandygyny belläp, Türkmenistan tarapyndan ähli taraplaryň bähbitlerini hem-de BMG-niň gatnaşmagyny göz öňünde tutýan halkara suw hyzmatdaşlygynyň giňeldilýändigini aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilendigini, şeýle hem şu ýylyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini aýratyn belledi. Bu seneleriň özboluşly nyşandygyny nygtap, döwlet Baştutany Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň we durnukly ösüş maksatlarynyň öňe ilerledilmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy.

“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän LLDC3 maslahaty, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň öňünde duran kynçylyklar we mümkinçilikler bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanyp, durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň we dünýä liderleriniň gatnaşmagynda geçirilýär.

Türkmenistan bu forumda sebit hyzmatdaşlygynyň hem-de ählumumy gepleşikleriň möhüm gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýär.

Source:https://business.com.tm/

Facebook Comments Box